“Nissandan iň gowusy”: ABŞ-daky zawoddan täze “Nissan Murano” çykdy

12.12.2024, 06:185,772
1 / 4

“Nissan” kompaniýasy Smirne (Tennessi ştaty, ABŞ) zawodynda markanyň dördünji nesli bolan "Murano" krossowerini öndürip başlady.

"Bu awtoulag Nissandan iň gowy zatlary hödürleýär - onda batyrgaý dizaýn, ösen tehnologiýa we garaşylýandan has ýokary mümkinçilik bar" diýip, awtoulag önümçiliginiň uly wise-prezidenti Dewid Jonson aýtdy. Awtoulag demirgazyk Amerikadaky "Nissan" önümçiliginiň üpjünçilik zynjyryna girýän şahamçalara we satyn alyş nokatlara paýlanyldy.


2020-nji ýylda önümçilik başlaly bäri, kompaniýa ABŞ hem-de Kanada bazarlary üçin, bu modeliň takmynan 145,000 awtoulagyny öndürdi. 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli “Nissan" kompaniýasy "Murano" gurnama awtoulagynyň mukdaryny aýda 6700 birlige ýetirmegi meýilleşdirýär diýip, usa.news.com habar berýär. 
Awtoulagyň täze görnüşi müşderilere 2025-nji ýylyň başynda gelip başlar.
Markanyň dördünji nesli bolan "Murano" möhüm üýtgeşmelere eýe boldy. Onuň esasy tapawutlary täze daşky süňňi, täzelenen içki görnüşi we V6 hereketlendirijisinden hem-de CVT-den ýüz öwürmegidir. Awtoulag häzirki wagtda 9 tizlikli awtomatiki geçiriji bilen jübütlenen 244 at güýji öndürýän 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Satyn alyjylar gurnama baglylykda, awtoulagyň öň tigirleri işleýän ýa-da ähli tigirleri işleýän görnüşlerini saýlap bilerler diýip, ixbt.com ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.