Nissan kompaniýasy «Skyline» modeliniň 14-nji nesliniň tanyşdyrylyş senesini resmi taýdan yglan etdi. Täze sedan 2026-njy ýylyň dekabr aýynda köpçülige görkeziler.
Nissan Motor kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Iwan Espinosa Ýaponiýanyň Asahi Shimbun neşirine beren söhbetdeşliginde bu modeli kompaniýanyň gaýtadan dikelmeginiň hem-de tehnologik taýdan täzelenmeginiň nyşany hökmünde belledi.
Täze «Skyline» modelini işläp düzmek 26 aýa çekdi – bu görkeziji, öňki nesline garanyňda, takmynan, iki esse azdyr, sebäbi onuň döredilmegine aňrsy-bärsi 55 aý sarp edilipdi. Kompaniýa wagty tygşytlamak taslama we inženerlik işlerinde hem-de synaglar wagtynda emeli aň ulgamlaryny, sanly nusgalaýyş usullaryny işjeň ulanmak arkaly başartdy.
Dört gapyly «Skyline» ulagynyň önümçiligi Ýaponiýada dowam etdiriler. Ulag häzirki wagtda Nissan kompaniýasynyň sport modellerini çykarmak boýunça ýöriteleşdirilýän Totigi zawodynda ýygnalar.
Tizer suratlaryndan bu awtoulagyň daş keşbiniň örän özüne çekiji boljakdygy görünýär. Haýbatly öňki bölegi, göze gelüwli yzky ganatlary we meşhur GT-R modellerini ýatladýan yzky çyralary ulagy has-da owadan görkezýär. Dizaýnynda, hatda 1969-njy ýylda ilkinji GT-R nusgasynyň esasyny goýan Skyline nesliniň C10 ulagynyň, ýagny nusgawy «Hakosuka» kysymynyň ruhy hem duýulýar.
Tehniki maglumatlary heniz gizlin saklanylýar. Muňa garamazdan, onuň yzky tigirler arkaly hereketlenmegine hem-de kuwwaty 400 at güýjünden geçýän goşa turbinaly V6 hereketlendirijisine ýa-da gibrid güýç ulgamyna eýe bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de ulagyň mehaniki tizlik gutusy bolan görnüşiniň hem çykmagy ähtimal.
Täze model Demirgazyk Amerika bazaryna çykjak geljekki «Infiniti» ulaglary üçin hem esas bolar. Ýeri gelende aýtsak, öňki «Skyline V37» modeli eýýäm önümçiligi bes edilen «Infiniti Q50» bilen düzümi boýunça birmeňzeşdi. Muňa garamazdan, «Skyline V37» Nissan kompaniýasynyň Ýaponiýadaky bazarynda satylmagyny henizem dowam etdirýär.