WTA ýylyň iň gowy zenan tennisçilerini yglan etdi

12.12.2024, 21:113,241

Belarusly Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis assosiasiýasy (WTA) tarapyndan ilkinji gezek ýylyň zenan tennisçisi hökmünde saýlandy. Dünýäniň birinji raketkasy KHBS-iň wekilleriniň ses bermegi netijesinde iň gowy tennisçi diýlip ykrar edildi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Baýraga Iga Şwýontek (Polşa), Kori Gauff (ABŞ), Žasmin Paolini (Italiýa) we Çžen Sinwen (Hytaý) hem dalaş etdi.
WTA beýleki nominasiýalarda şu aşakdakylary tapawutlandyrdy:

  • Ýylyň iň gowy jübüti: Sara Errani we Žasmin Paolini (Italiýa)
  • Ýylyň öňegidişligi: Emma Nawarro (ABŞ)
  • Ýylyň iň gowy täze tennisçisi: Lulu San (Täze Zelandiýa)
  • Ýylyň gaýdyp gelmesi: Paula Badosa (Ispaniýa).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.