Hemra suratlary Hytaýyň çöli näderejede özgerdendigini görkezdi

09.01.2025, 14:4617,399
1 / 2

"Ölüm deňzi" diýlip atlandyrylan Kuzupçi çöli Hytaýyň iň uly Gün fermasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamasynyň merkezine öwrüldi. NASA-nyň hemra suratlary Içerki Mongoliýadaky jansyz çäge aňňatlarynyň soňky on ýylda Gün panelleri bilen örtülip, näderejede özgerendigini görkezdi.

Taslama 2030-njy ýyla çenli tamamlanar. Şondan soň onuň uzynlygy 400 kilometre, ini - 5 kilometre, umumy kuwwaty bolsa 100 gigawatta ýeter.
Global Solar Power Tracker-iň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaý boýunça Hytaý 386 875 megawattlyk Gün energiýasy kuwwaty bilen dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu dünýä boýunça görkezijiniň 51%-idir. ABŞ  79 364 megawatt (11 göterim) bilen ikinji ýerde, 53 114 megawatt (7 göterim) bilen Hindistan üçünji ýerde durýar.
Hytaýda Gün energiýasynyň ösüşi soňky on ýylda has çaltlaşdy. 2017-2023-nji ýyllar aralygynda ýurduň hereketdäki Gün kuwwaty ýylda ortaça 39 994 megawatt artdy. ABŞ-nyň Gün kuwwaty şol döwürde ortaça 8 137 megawatt artdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.