Hemra  suratlary Los-Anjelesdäki ýangynyň gerimini görkezdi

12.01.2025, 19:1513,727
1 / 7

Maxar Technologies kompaniýasy Los-Anjelesdäki ýangyn sebäpli dörän weýrançylygyň gerimini aýdyň görkezýän hemra suratlaryny paýlaşdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.


Suratlarda Pasifik-Paliseýdsiň we Malibunyň ot alan etraplary aýdyň görünýär. 2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda başlan ýangyn Pasifik-Paliseýdsiň 19 978 akr we ýangynyň henizem söndürilmedik Iton sebitindäki 13 690 akr meýdany öz içine aldy.
Rus kosmonawty Aleksandr Gorbunow hem Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) bortundan alnan kadrlaryny paýlaşdy. Olarda tebigy betbagtçylygyň abraýly Pasifik-Paliseýds sebitinde has hem möwjeýändigi görünýär.

Ýangyn umumy meýdany 15 müň gektar bolan bäş aýry ojaga ýaýrady. Ýangynyň ýene üç ojagy söndürmek başartdy. Azyndan 16 adam aradan çykdy. Öýler, edara-kärhanalardan weýran boldy. Zeper ýeten sebitlerden adamlar göçürilip başlandy. Hökümet talaňçylyk bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny habar berdi, şonuň bilen bagly 20 adam tussag edildi. Los-Anjelesde komendant sagady girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.