Hindistanyň harby ýörişinde ilkinji gezek robot itler ýöräp geçdi

19.01.2025, 13:5316,937

Hindistanyň goşuny harby ýörişinde üýtgeşik bir görnüşi – robot itleriň rotasyny görkezdi. Ýöriş Goşun gününe bagyşlandy diýip, Times of India habar berýär.

Mehaniki itler operatorlaryň dolandyrmagynda hatara düzülip ýöredi.
Kinologlar robotlaryň “ýere ýatmak – otžimaniýe” buýrugyny nädip ýerine ýetirýändiklerini görkezdi. Käbir robotlar bu buýruga derrew seslendi, käbirleri bolsa birneme giç hereket edip, janly itler ýaly “öz häsiýetlerini görkezdi”.
Hindi goşunynda häzir şular ýaly ýüze golaý robot bar. Olar aşa çylşyrymly howa şertlerinde we kyn ýerlerde işläp bilýär. Robot itler agtarmak, minalary aýyrmak we ýük daşamak üçin ulanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.