Marca: “Real” Klublaýyn Dünýä çempionaty-2025-de €145 mln ýewro, “Atletiko” €130 mln gazanyp biler

10.03.2025, 08:149,615

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak arkaly Madridiň “Realy” 145 mln ýewro alyp biler. Madridiň “Atletikosy” kubogy alan ýagdaýynda 15 mln ýewro az gazanar diýip, Marca neşiri ýazýar.

Diňe ýaryşa gatnaşandygy üçin “Real” 35 mln ýewro alar – bu beýleki islendik toparyňkydan köpdür. “Atletiko”, mysal üçin, 20 mln ýewro gazanar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, FIFA ýeňijä 37 mln ýewro, finalça bolsa 28 mln ýewro berer. Klublar ýaryşyň her tapgyryny geçendigi üçin goşmaça töleg alar. Girdejilerdäki tapawut toparlaryň statusy we baýrak gaznasynyň paýlanyşy bilen baglanyşyklydyr.
Ýaryş 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.