Toyota elektropikabyny çykarmaga taýynlyk görýär

14.03.2025, 22:292,854
1 / 2

Toyota 2026-njy ýylyň ahyryna çenli elektrik pikabyny çykarjakdygyny resmi taýdan tassyklady diýip, «Autoevolution» neşiri habar berýär.

Ýapon awtoulag ägirdi bu barada hiç hili jikme-jik maglumat bermän gelýär. Bize mälim bolan zat – pikabyň dört gapyly kabinasynyň boljakdygy we onuň dünýä bazary üçin niýetlenjekdigidir. Heniz onuň «HiLux» ýaly çarçuwaly platformada gurlup-gurulmajakdygy ýa-da gurluşynyň ýeňil awtoulaglaryňka meňzäp-meňzemejekdigi belli däl. Eger çarçuwaly platforma ulanylsa, bu model «Ford F-150 Lightning» bilen bäsleşer, ýeňil awtoulagyň gurluşynda bolsa «Toyota EPU» konseptiniň önümçilikdäki görnüşi bolar. Bu konsept model «HiLux-a» garanyňda has ykjamdyr.
Pikabyň Ýewropada satuwa çykmagyna eýýämden rugsat berildi.
Mundan ozal, Toyota bir adamlyk kabinasy we çäkli menzili bolan elektrikli «HiLux-y» tanyşdyrypdy. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylda Tailandda başlamak meýilleşdirilýär. Emma täze çap edilen tanyşdyryş şekili (tizer) Ford, Isuzu we Mitsubishi ýaly brendleriň pikaplaryna bäsdeş bolup biljek, iki hatarly we doly göwrümli pikabyň gelýändigini görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.