Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda täzelenen Toyota Avalon flagman sedanynyň suratlary we tehniki häsiýetnamalary peýda boldy. Bu model üçin geljekde garaşylýan döwrebaplaşdyrma eýýäm üçünji gezek geçirilýän restaýling (daşky görnüşini täzelemek) bolar.
Çap edilen suratlardan çen tutulsa, awtoulag öndürijisi Avalon-yň daşky görnüşini täze Camry XV80 we yzky hereketlendirijili Crown modelleriniň stilistikasyna ýakynlaşdyrmagy makul bildi.
Esasy üýtgeşmeler kuzowyň öň tarapyna täsir etdi. Awtoulag täze C-görnüşli ýagtylyk diodly (LED) optika, dik plastinalary bolan ulaldylan radiator gözenegine, başgaça bampere, şeýle hem gyralarynda goşmaça dik howa sowujylara eýe boldy.

Sedanyň yzky bölegi hem üýtgeşmelere sezewar boldy: tutuş ýagtylyk zolagynyň ýerine dizaýnerler bölünýän çyralary oturtdylar, modeliň ady bolsa indi bagažyň edil merkezinde ýerleşýär.
Kuzowyň gapdal tarapyndaky keşbi öňküligine galsa-da, alyjylara 17 we 18 dýuýmlyk täze teker diskleriniň görnüşleri hödürlener. Maşynyň uzynlygy 5055 mm-e deňdir.
Tehniki nukdaýnazardan, täze model Camry bilen doly unifikasiýalaşdyryldy. Bazalaýyn modifikasiýa 150 at güýçli 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar. Goşmaça töleg esasynda, şol hereketlendirijiniň esasynda işleýän we 184 at güýjüni berýän öz-özüne zarýad berýän gibrid gurluşy elýeterlidir. Gibrid wersiýanyň ýangyç sarp edişi her 100 km-e 4,31 litrdir.
Täzelenen Toyota Avalon-yň Hytaý bazaryndaky resmi çykyşy ýakyn aýlarda meýilleşdirilýär.