Toyota täze Trailhunter görnüşi bilen 2027-nji ýylyň täzelenen Tundra pikapyny hödürledi

Şu gün, 17:101,582
1 / 7

Toyota 2027-nji model ýylynyň Tundra ýolsuzlyk pikapyny tanyşdyrdy. Awtomobil dizaýnynda üýtgeşmelere, täzelenen interýere, giňeldilen funksiýalar toplumyna we TRD Pro flagman görnüşine has elýeterli alternatiwa hökmünde hödürlenýän täze Trailhunter görnüşine eýe boldy.

Täze görnüş SR5 toplumynyň esasynda döredildi. Onuň üpjünçiligine şular girýär:

  • Döwrebaplaşdyrylan Old Man Emu asgysy (podweska) we Michelin LTX Trail ýolsuzlyk tekerleri;
  • Aşaky bölegiň goragy, öňdäki tirkeg halkalary we yzky differensialyň blokirleme ulgamy;
  • Çylşyrymly ýol deňsizliklerinden geçmek üçin Multi-Terrain Select we Crawl Control kömekçi ulgamlary.

Daşky keşbi boýunça Trailhunter görnüşi bürünç reňkli tigir diskleri we ýörite nyşanlary bilen tapawutlanýar.

Pikap täzelenen radiator gözenegini we bamperleri aldy. Goşmaça hökmünde radiator gözenegindäki täze LED panel we dumana garşy RIGID faralary elýeterli boldy.

Salonda multimediýa ulgamynyň 14 dýuýmlyk displeýi indi ähli wersiýalaryň başlangyç üpjünçiligine girýär. Ulgam 5G aragatnaşygyny, sazlanýan wijetleri we täzelenen «Hey Toyota» sesli kömekçisini goldaýar. Standart funksiýalaryň sanawyna daşky kameralardan 20 sekuntlyk ýazgylary awtomatik usulda saklaýan Drive Recorder wideoregistratory hem girizildi.

Mundan başga-da, ähli wersiýalar başlangyç ýagdaýda howpsuzlyk ulgamlarynyň iň täze toplumy Toyota Safety Sense 4.0 bilen enjamlaşdyrylýar.

Hereketlendirijiler topary öňküligine galdy: goşa turbinaly 3,5 litrlik benzinli V6 (389 at güýji) we i-FORCE MAX gibrid gurluşy (437 at güýji). Öndüriji Trailhunter görnüşine olaryň haýsysynyň düşjekdigini entek mälim etmedi.

Has jikme-jik aýratynlyklar, wersiýalar we bahalar sanawyny Toyota güýzde mälim eder. Täze awtomobiliň häzirki 2026-njy ýylyň modelinden sähelçe gymmat bolmagyna garaşylýar, onuň bahasy 41 260 dollardan başlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.