ABŞ-nyň raýaty bir günde 10 müň gezek turnik çekip, dünýä rekordyny gaýtaryp aldy

07.04.2025, 00:1110,245
1 / 2

Amerikaly Truett Heýns 24 sagatda turnik çekmegiň sany boýunça ýene-de rekord eýesi boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilmegine görä, ol bu maşky 10 müň gezek ýerine ýetirdi.

Ilkinji gezek Heýns dünýä rekordyny iki ýyl mundan ozal bir günde 8100 gezek turnik çekip goýdy. Ýöne tiz wagtdan onuň netijesi täzelendi: awstraliýaly Geri Lloýd muny 500 gezek artyk etdi.
Şu ýyl Heýns liderligi özüne gaýdyp aldy.

“Men özüm barada şuny bildim: men hiç haçan boýun egmerin. Maňa üýtgeşik ukyp ýa-da adatdan daşary güýç berilmedi we maňa hiç haçan aňsat bolmady, ýöne maňa öz maksatlarymdan ýüz öwürmezlik mümkinçiligi berildi” – diýip, ol belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.