Kendrik Lamar Chanel-iň ilçisi boldy

21.04.2025, 18:273,307

Repçi brendiň täze äýnek hatarynyň mahabat kampaniýasyna gatnaşdy. Suratlary Karim Sadli düşürdi. Bu barada «HypeBeast» ýazýar.

«Chanel bilen hyzmatdaşlyk Lamaryň gapma-garşylyklara baý bolan ýyly yzda galdyryp, täze sahypa açýandygyny aňladyp biler» — diýip, moda öýi belläp geçýär.

Kendrik bilen Chanel-iň gatnaşyklary 2023-nji ýylda başlady, şol wagt ol Met Gala Wiržini Wiar tarapyndan taýýarlanan eşikde gatnaşypdy.

«Chanel-iň baky mirasy bar, oňa wekilçilik etmek hakykatdanam uly mertebe. Olaryň erkekler üçin eşikleri öndürmeýändikleri sebäpli, munuň äýnek bolmalydygyny başyndan bäri bilýärdim» — diýip, repçi belläp geçdi.

Chanel özüniň geýmäge taýyn (prêt-à-porter) kolleksiýasyna erkek eşiklerini seýrek ýagdaýlarda goşýar, emma bu ýagdaý brendiň k-pop ýyldyzy G-Dragon ýa-da aktýor Timoti Şalame ýaly käbir erkek ilçiler bilen şertnama baglaşmagyna päsgel bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.