ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

03.07.2025, 18:158,024

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi.

Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi. Iň köp tomaşa edilen oýunlaryň hataryna «Real», «PSŽ», «Bawariýa», «Inter», «Ýuwentus» hem-de «Boka Huniors» toparlarynyň gatnaşan duşuşyklary hem girýär.
Bellenilişi ýaly, iň köp tomaşa edilen ýedi oýnuň hataryna iňlis klublarynyň gatnaşan hiç bir duşuşygy ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.