Rio-de-Žaneýroda Winisiusyň mumdan ýasalan heýkeli peýda boldy

20.07.2025, 08:5110,771
1 / 2

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň “Realynyň” wingeri Winisius Žunior Rio-de-Žaneýroda özüniň mumdan ýasalan heýkeliniň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy.

Heýkel futbolçyny milli ýygyndynyň eşiginde şekillendirýär. Ol hanym Týusso muzeýi tarapyndan döredildi we soňlugy bilen onuň Nýu-Ýorkdaky şahamçasyna geçiriler.

“Men maşgalam, dostlarym bilen bu ýerdedigime begenýärin. Ilkinji gezek şeýle heýkel Braziliýada açylýar. Men bu barada arzuw edipdim” – diýip, Winisius aýtdy.

Futbolçy 25 ýaşynda. Ol üç gezek Ispaniýanyň çempiony, ýurduň Superkubogynyň eýesi, Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň iki gezek ýeňijisidir. Geçen möwsümde Winisius ähli ýaryşlarda 58 oýna gatnaşyp, 22 gol geçirdi we 19 assist etdi. Onuň “Real” bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 170 mln ýewro barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.