Messi penaltini hasaba almazdan gol sany boýunça Ronaldudan öňe geçdi

20.07.2025, 17:1013,142
1 / 2

“Inter Maýaminiň” 38 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lionel Messi penaltini hasaba almazdan geçiren gollarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Messi bu görkeziji boýunça “Al-Nasryň” hüjümçisi we kapitany, portugaliýaly Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi.

Bu waka şu gün, 20-nji iýulda, MLS-iň “Nýu-Ýork Red Bullza” garşy oýnunda bolup geçdi. “Inter Maýami” myhmançylykda 5:1 hasabynda utdy. Messi öz hasabyna iki gol we bir assist ýazdy. Iki ýagdaýda-da ol oýundan gol geçirdi.
Indi 38 ýaşly hüjümçiniň hasabynda penaltini hasaba almazdan 764 gol, Ronalduda 763 gol bar. Umuman, karýerasynda Lionel Messi 1114 oýunda 874 gol (şol sanda 110-sy penaltiden), Ronaldu bolsa 1281 oýunda 938 gol (175-isi penaltiden) geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.