Aşgabatda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär

22.08.2025, 15:033,340
1 / 9

22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdi.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralmagy däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Sergi we onuň bilen utgaşyklylykda geçirilýän köp sanly gyzykly çäreler çagalarda, olaryň ata-enelerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.