ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasy rekord derejä — 15,5 million dollara ýetdi

04.10.2025, 10:282,252

Professional tennisçiler assosiasiýasy (ATP) 2025-nji ýylda geçiriljek ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasyny mälim etdi. Bu ýylky baýrak gaznasy ýaryşyň taryhyndaky iň ýokary görkeziji bolup, 15,5 million dollara deň boldy.

Ýaryşyň ýeňijisine hem rekord derejedäki baýrak — 5,01 million dollar berler. Emma bu mukdara ýeke duşuşykda-da ýeňilmän ýetmek mümkin.
Assosiasiýanyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, baýrak puly şeýle paýlanar:

  • Ýekeleýin görnüşdäki sekiz tennisçiniň hersine — 331 müň dollar,
  • ätiýaçdaky tennisçilere — 155 müň dollar,
  • topar tapgyryndaky her ýeňiş üçin — 396,5 müň dollar,
  • ýarym finala çykmak üçin — 1,18 million dollar,
  • finale çykmak üçin — 2,37 million dollar.

Jübüt ýaryşynda bolsa baýraklar şeýle bölünýär:

  • her toparyň gatnaşýan jübüdine — 134,2 müň dollar,
  • ätiýaçdaky jübütlere — 51,7 müň dollar,
  • topar tapgyryndaky ýeňiş üçin — 96,6 müň dollar,
  • ýarym finala çykmak üçin — 178,5 müň dollar,
  • finale çykmak üçin — 356,8 müň dollar.

Şeýlelikde, hiç bir oýunda ýeňilmedik jübütlik topar 959,3 müň dollar gazanyp biler.
Ýaryşyň häzirki çempiony dünýäniň birinji raketkasy — italiýaly Ýannik Sinner. Ol geçen ýyl bir setde hem ýeňilmän ýeňiş gazanyp, şol wagtky rekord bolan 4,88 million dollar baýrak puly aldy.
Bu ýylky ATP-nyň Jemleýji ýaryşy 9–16 noýabr aralygynda Turin şäherinde geçiriler. Şäher bu ýaryşy yzly-yzyna bäşinji gezek kabul eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.