Huawei iPhone Air we Galaxy S25 Edge bilen bäsleşjek 2 TB ýatly ultra inçe smartfon taýýarlaýar

09.10.2025, 17:564,256

Wisdom Pikachu lakamly insaýder Huawei-iň iPhone Air we Samsung Galaxy S25 Edge bilen bäsleşip biljek ultra inçe smartfony synagdan geçirýändigini habar berdi.

Entek korpusynyň galyňlygy barada takyk maglumat ýok, ýöne enjamyň Kirin SoC-iň platformasynda guruljakdygy we eSIM-i goldajakdygy mälim. Içerki fleş ýadyň 2 TB-lik uly göwrümi aýratyn ünsi çekýär.
Smartfon şu ýylyň ahyrynda, dördünji çärýekde bazara çykar diýlip garaşylýar.
Wisdom Pikachu ozal 2023-nji ýylyň aprelinde Xiaomi 13 Ultra-nyň çykjakdygyny we şol bir tanyşdyrylyşda Xiaomi Pad 6 planşetiniň peýda boljakdygyny takyk çaklapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.