Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsüminiň tizerini görkezdi

12.12.2025, 12:144,214
1 / 6

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsüminiň tizer-treýlerini hödürledi. Täze möwsüm 2026-njy ýylda platformada çykar.

Taslama 2005-2008-nji ýyllaryň asyl multserialynyň aktýorlaryň oýnamagynda çykarylan wersiýasydyr. Sýužetiň merkezinde ýetginjek Aang durýar. Onuň keşbini Gordon Kormýe ýerine ýetirdi. Ol dostlary bilen bilelikde syýahat edip, tebigatyň dört elementiniň halklaryny goramaga çalyşýar.
Premýeranyň takyk senesi mälim edilmedi. Birinji möwsüm Netflix-de 2024-nji ýylda çykdy we tankytçylardan garyşyk synlary aldy. Rotten Tomatoes-de onuň reýtingi 62% boldy.
Serial üçünji möwsüme uzaldyldy we ol jemleýji bolar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.