LG kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde ultra inçe OLED evo W6 telewizoryny görkezdi. Ýogynlygy 9 millimetr bolan telewizor fiziki wideokabeller bolmazdan işleýär. «Telewizor-oboý» konsepsiýasynyň enjamy diwara hiç hili boş aralyk galmazdan berkidilýär we wizual taýdan aýna listine meňzeýär.
Täze W6 (W harpy Wallpaper – «oboý») 4K wideony we sesi telewizora simsiz geçirmek üçin Zero Connect Box blogy bilen hödürlenýär. Birikme 10 metre çenli aralykda işleýär.
Belläp geçsek, kompaniýa özüniň ilkinji Wallpaper TV-sini 2017-nji ýylda hödürläpdi. Bu model has inçedi (bary-ýogy 2,57 mm), ýöne ol esasy elektronikany öz içine alýan hökmany saundbar bilen üpjün edildi we kabelsiz hem mümkin däldi.
Täze telewizoryň displeýi Hyper Radiant Color tehnologiýasyna we ýylpyldylara garşy Reflection Free Premium örtügine eýe boldy. Paneliň iň ýokary ýagtylygy öňki seriýalaryň adaty OLED ekranlaryndan tas dört esse ýokarydyr.
Telewizoryň işine α (Alpha) 11 Gen3 prosessory jogap berýär. Ulgam şekili sanly galmagaldan arassalamak we teksturany dikeltmek üçin iki emeli aň algoritmini ulanýar. Oýunlar üçin 165 Gs kard ýygylygy we kadrlary sinhronizirlemek tehnologiýasynyň goldawy göz öňünde tutuldy.
webOS platformasyna Voice ID sesi tanamak funksiýasy we Google Gemini hem Microsoft Copilot neýroulgamlary goşuldy. Telewizordan kontekst maglumatlary, mysal üçin, «kadrdaky aktýor kim» ýa-da «paltony nireden satyn almaly» diýip sorap bolýar we jogap göni wideonyň üstünden peýda bolýar.
«Uky» režiminde (Gallery+) telewizor surat döredip bilýär ýa-da ýokary hilli suratlary görkezip, diwar suratyna «öwrülýär».