Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar

16.01.2026, 11:404,955

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar.

Festiwalyň çäklerinde dürli žanrlara we döwürlere degişli bolan dokuz sany hindi filmi tomaşaçylara hödürlener:

  • 20-nji ýanwar, sişenbe, 17:00 — «RRR: Töwerekde rewolýusiýa möwç alýar» (2022)
  • 21-nji ýanwar, çarşenbe, 11:00 — «Zita we Gita» (1972)
  • 21-nji ýanwar, çarşenbe, 17:00 — «12-nji şowsuzlyk» (2023)
  • 22-nji ýanwar, penşenbe, 11:00 — «Disko tansçy» (1982)
  • 22-nji ýanwar, penşenbe, 17:00 — «83» (2021)
  • 23-nji ýanwar, anna, 11:00 — «Ar alyş we kanun» (1975)
  • 23-nji ýanwar, anna, 17:00 — «Rakşa Bandhan» (2022)
  • 24-nji ýanwar, Şenbe, 11:00 — «Ingliş-wingliş» (2012)

Filmleriň ählisine tomaşa etmek üçin giriş mugt

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.