Hindistanly ýaşaýjy bir sagatda arkasy ýükli otžimaniýe etmek boýunça rekord goýdy

Şu gün, 11:252,775

41 ýaşly Rohtaş Çoudhari arkasyna 27,21 kg agramly ýüki alyp, bir sagadyň dowamynda 847 gezek otžimaniýe etdi. Ol bu netijesi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, «Hindustan Times» neşiri habar berýär.

Rekord Nýu-Delidäki Jawaharlala Neru adyndaky stadionda goýuldy. Çoudhari şeýle şertlerde 2023-nji ýylda 820 gezek otžimaniýe eden siriýaly türgeniň öňki görkezijisinden geçdi.

Türgeniň özi rekordlara bolan ýolunyň uly awtomobil heläkçiliginden soň başlandygyny aýdýar. Şikesler sebäpli ol iki ýyla golaý wagtlap kadaly hereket edip bilmedi, sport bilen meşgullanmak bolsa dikeldiş işleriniň bir bölegi boldy. Wagtyň geçmegi bilen türgenleşikler durmuş maksadyna öwrüldi: 2026-njy ýyl onuň üçin täze dünýä rekordlaryny goýmak ugrundaky yzygiderli synanyşyklarynyň eýýäm onunjy ýyly boldy.

Onuň aýtmagyna görä, rekord synanyşygy mahalynda iň kyn zat — ýadawlyga we goşmaça agrama garamazdan, durnukly depgini saklamakdy.

Ilat arasynda bedenterbiýe işjeňligini öňe sürýän «Fit India» döwlet maksatnamasynyň ilçisi bolan Çoudhari Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny alanyndan soň hem munuň bilen saklanmakçy däldigini we täze rekordlary meýilleşdirýändigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.