Hytaý dünýäde ilkinji bolup awtomobillerde gizlin gapy tutarlaryny gadagan etdi

03.02.2026, 21:056,575

Hytaý howpsuzlyk maksatlary sebäpli awtomobillerde gizlin gapy tutarlaryny ulanmagy gadagan etmek barada karar kabul eden dünýäde ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Straits Times neşiri habar berýär.
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi tarapyndan 2-nji fewralda neşir edilen täze howpsuzlyk 
düzgünlerine görä, ýurtda satylýan ähli awtomobiller gapylary hem içinden, hem daşyndan açmaga mümkinçilik berýän mehaniki tutarlar bilen üpjün edilmelidir.
Edara düzgünleriň güýçlendirilmeginiň birnäçe esasy sebäplerini görkezýär:

·           Çaknyşykdan soň ulgamyň tokdan kesilmegi ýa-da korpusa zyýan ýetmegi sebäpli gapylary açmagyň mümkin bolmazlygy;

·           Gizlin gapy tutarlarynyň kynlyk bilen tapylmagy we ulanmaga oňaýsyzlygy (bu ýagdaý adatdan daşary ýagdaýlarda ýolagçylaryň ömri üçin howp döredip biler);

·           Dürli ýagdaýlarda bu tutarlaryň iş ukybyny ýitirmegi.

Täze düzgünler 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer. Eýýäm gözegçilik ediji edaranyň tassyklamasyny alan ýa-da önümçilige goýbermegiň soňky tapgyrynda duran modellere bolsa gurluşyny üýtgetmek üçin 2029-njy ýylyň ýanwaryna çenli wagt berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.