Dünýäde elektromobilleriň we gibridleriň satuwy 2 milliondan geçdi, ýöne Hytaýda we ABŞ-da azaldy

Şu gün, 13:371,944

Iýun aýynda dünýä boýunça elektromobilleriň we gibridleriň satuwy maý aýy hem-de ýyllyk görkezijiler bilen deňeşdirilende ýokarlandy, ýöne ABŞ-da we Hytaýda olar ep-esli azaldy. Muny «Benchmark Mineral Intelligence» statistika maglumatlary görkezýär.

Dünýä ýüzünde ýolagçy we ýeňil täjirçilik elektromobilleriniň, şeýle-de tokdan zarýad alýan gibridleriň umumy satuw göwrümi şu ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 11% we ýyllyk hasabatda 7% artyp, 2 million birlik boldy. Bu bolsa ýylyň başyndan bäri bütin dünýäde jemi 9,6 million sany elektromobiliň we zarýad alýan gibridiň satylandygyny görkezýär.

Hytaý şeýle awtomobilleriň iň iri bazary bolmagynda galýar: iýun aýynda satylan ulaglaryň 1 milliony şu ýurduň paýyna düşdi. Ýöne bu ýerdäki ösüş diňe öňki aý bilen deňeşdirilende (5%) ýüze çykdy, ýyllyk hasabatda bolsa elektromobilleriň we zarýad alýan gibridleriň satuwy 11% azaldy. Ýylyň başyndan bäri Hytaýda şeýle ulaglaryň 4,9 million sanysy satyldy we bu görkeziji hem 14% aşak düşdi. Ýöne Hytaýyň bu ugurdaky eksporty ösýär: iýun aýynda HHR-den daşary 500 000 töweregi şeýle awtomobil ugradyldy.

Ýewropada iýun aýynda satylan 530 000 sany gibrid we elektromobil öňki aý bilen deňeşdirilende 28%, ýyllyk hasabatda bolsa 31% ösüş görkezdi. Ýylyň başyndan bäri Ýewropada 2,5 million sany degişli awtomobil satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27% köpdür. Elektromobilleriň we gibridleriň satuwy nukdaýnazaryndan iýun aýy Ýewropanyň awtoulag bazarynyň taryhynda iň gowy aý boldy: Fransiýada, Daniýada, Ispaniýada we Portugaliýada ýerli rekordlar goýuldy. Renault we Volkswagen (şol sanda Cupra we Skoda) markalarynyň arzan modelleri Ýewropa bazarynyň iň köp satylýan harytlaryna öwrülýär.

Demirgazyk Amerika iýun aýynyň netijeleri boýunça bary-ýogy 130 000 sany elektromobil we zarýad alýan gibrid satdy, bu bolsa aýlyk (9%) we ýyllyk hasabatda (13%) pese gaçyş boldy. Ýylyň başyndan bäri sebitde jemi 730 000 sany elektromobil we zarýad alýan gibrid satyldy, bu hem 20% peselmäni aňladýar. Bu, esasan, elektrik togy bilen işleýän ulaglary satyn alýanlar üçin salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagynyň netijesidir.

Beýleki ähli sebitleriň bazarlarynda iýun aýynda 300 000 sany gibrid we elektromobil satyldy, ýöne bu mukdar ýyllyk hasabatda tas iki esse, öňki aý bilen deňeşdirilende bolsa 16% ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri beýleki sebitlere üpjünçiligiň göwrümi hem 91% artyp, 1,4 million awtomobile ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.