Nissan kompaniýasy 600 595 ulagyň — «Note», «Note Aura» we «X-Trail» modelleriniň yzyna çagyryş boýunça giň gerimli kampaniýanyň başlanandygyny yglan etdi. Bu çäre 2020-nji ýylyň 12-nji noýabryndan 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli önümçilikden çykan we ýapon bazary üçin niýetlenen awtoulaglara degişlidir.
Munuň sebäbi, hereket wagtynda ulagyň birden durmagyna we heläkçilik howpuny döretmäge ukyply bolan programma ýalňyşlygydyr.
Mesele «e-Power» gibrid güýç gurluşy bolan ulaglarda ýüze çykaryldy. Bu ulgamda benzin hereketlendirijisi diňe generatoryň hyzmatyny ýerine ýetirýär, tekerler bolsa elektrik torundan zarýad almagy talap etmeýän kiçijik litiý-ion batareýasyndan energiýa alýan elektrohereketlendirijileriň hasabyna aýlanýar.
Mümkin bolan kemçilik akkumulýatory dolandyryş blogunda gizlenýär. Nädogry programma üpjünçiligi sebäpli ulgam ýalan näsazlygy hasaba alyp biler. Netijede, panelde duýduryş ýanýar, elektronika bolsa dartyjy hereketlendirijiniň kuwwatyny mejbury çäklendirýär.
Häzirki wagtda şeýle kynçylyklar bilen 452 awtoulag eýesi ýüzbe-ýüz boldy. Käbir ýagdaýlarda gibridler doly ýöremek ukybyny ýitirdiler, dolandyryjy elektronikanyň işden çykmagy bilen baglanyşykly birnäçe waka göni hereket wagtynda bolup geçdi, bu bolsa ýol-ulag hadysalaryna getirdi. Bu ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin «Nissan» awtoulag eýelerini programma koduny düzetmek we proşiwkany mugt täzelemek üçin resmi hyzmat merkezlerine çagyrýar.
Bellik edip geçmeli zat, bu ýapon markasynyň soňky wagtlarda geçiren ýeke-täk iri yzyna çagyryşy däl. Şu ýylyň fewralynda «Nissan» ABŞ-da 1,5 litrlik hereketlendirijili «Rogue» (beýleki bazarlarda «X-Trail» ady bilen tanalýar) krossowerleriniň 643 müňüsine täsir eden iki sany giň gerimli kampaniýany işe girizipdi.