Ýaponiýada işçi ýetmezçiligini robotlar doldurar: 2040-njy ýyla çenli 10 mln maşyn işe giriziler

Şu gün, 14:391,211

Ýaponiýanyň häkimiýetleri 2040-njy ýyla çenli ýurtda ulanylýan robotlaryň sanynyň 10 million birlige ýetmegine garaşýar. Olaryň bir bölegi hassalara we gartaşan raýatlara lukmançylyk taýdan ideg etmek wezipelerini öz üstüne alar.

Awtomatlaşdyrmak we adam zähmetini maşynlar bilen çalyşmak prosesi, esasan, adamlaryň özi üçin howply ýa-da özüne çekiji bolmadyk iş ugurlaryna täsir eder.

Giň gerimli robotlaşdyryşyň sebäpleri

Awtomatlaşdyrmagyň esasy sebäbi — ýapon jemgyýetiniň çalt garramagy. Şol sebäpli ýurtda gartaşan adamlara ideg etmek üçin işçi güýji ýetmezçilik edýär.

«The Register» neşiriniň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Rýoseý Akadzawa salgylanyp habar bermegine görä, maşynlary diňe bir lukmançylykda däl, eýsem azyk önümleriniň we içgileriň önümçiligine hem ornaşdyrmak zerurdyr.

Ýaponiýanyň hökümeti fiziki robotlar üçin emeli aň modellerini işläp taýýarlamaga goýulýan maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek üçin Sony Group, SoftBank, Honda Motor we NEC ýaly iri korporasiýalar Noetra konsorsiumyna birleşdi. Geljekde bu başlangyja Fujitsu we Rakuten kompaniýalary hem goşulyp biler.

Çökgünligi ýeňip geçmek we dünýä bazaryna çykmak

Ýapon ministriniň aýtmagyna görä, ýurduň tebigy betbagtçylyklaryň (şol sanda Fukusima AES-indäki heläkçiligiň) netijelerini ýok etmekde, senagatda hem-de gartaşan raýatlara ideg etmekde robotlary ulanmak boýunça uly tejribesi bar. Ýaponiýa berk immigrasiýa kanunçylygy sebäpli has-da ýitileşýän içerki meseleleri çözmek bilen birlikde, robototehnika ulgamynda dünýäniň esasy oýunçysyna öwrülmegi maksat edinýär.

Şeýle maksatlary Günorta Koreýa hem okdurylýar. Mysal üçin, Günorta Koreýanyň Hyundai Motor kompaniýasy hereket edýän robotlary döretmekde öňdebaryjy taslamalary bilen tanalýan Boston Dynamics amerikan kärhanasyny eýýäm satyn aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.