Kataryň öňki emiri şeýh Hamad ben Halifa Al Taniniň aradan çykmagy sebäpli ýurtda dört günlük ählihalk matamy yglan edildi. Degişli çözgüdi ýurduň häzirki emiriniň diwany kabul etdi.
Ýas çäreleri şu gün – 12-nji iýulda başlaýar. Dört günüň dowamynda ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşüriler. 13-nji iýuldan başlap ministrlikleriň, hökümet edaralarynyň we beýleki döwlet guramalarynyň işi wagtlaýynça togtadylar. Döwlet gullukçylary 19-njy iýulda öz iş orunlaryna dolanarlar.
Ýurduň öňki ýolbaşçysynyň hatyrasyna jynaza namazy şu gün agşam Dohadaky ymam Muhammet ben Abdel Wahhab metjidinde okalar we şondan soň ol Lusaildäki gonamçylykda jaýlanar. Kataryň häzirki emiri şeýh Tamim ben Hamad Al Tani döwlet baştutanlaryndan, hökümdar maşgalanyň agzalaryndan we raýatlardan gynanç bildirmeleri 13-nji iýuldan 15-nji iýula çenli kabul eder.
Şeýh Hamad ben Halifa Al Taniniň 74 ýaşynda aradan çykandygy 12-nji iýul güni irden mälim boldy. Ol 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Katara ýolbaşçylyk etdi, şondan soň öz islegi bilen tagty ogly Tamim ben Hamad Al Taniniň ygtyýaryna tabşyrdy we emiriň atasy diýen resmi derejäni aldy.