Gitleriň dogduk öýi polisiýa bölümine öwrüldi

24.07.2026, 11:107,389
1 / 5

Awstriýanyň Braunau-am-Inn şäherinde Adolf Gitleriň doglan binasynda resmi taýdan polisiýa bölümi açyldy. Häkimiýetler şeýle ädimiň binanyň taryhy-simwoliki ähmiýetini doly ýok etmäge kömek etjekdigine bil baglaýarlar.

Germaniýanyň serhedine ýakyn ýerleşýän bu bina öň hususy eýeçilikdedi, soňra bolsa mümkinçiligi çäkli adamlar üçin haýyr-sahawat guramasy tarapyndan ulanyldy. 2017-nji ýylda Awstriýanyň hökümeti binany satyn aldy, iki ýyldan soň bolsa ony polisiýa bölümine bermek meýilnamasyny yglan etdi.

Dikeldiş işlerinden öň binanyň taryhy geçmişini ýatladýan ýeke-täk zat – onuň ýanynda Mauthauzen öňki konslagerinden getirilen, Gitleriň ady agzalmaýan faşizme garşy ýazgyly daşdy.

Indi bolsa binanyň maňlaýynda «Polisiýa» diýen ýazgy peýda boldy.

Awstriýanyň Içerki işler ministrliginiň Taryh departamentiniň ýolbaşçysy Ştefan Mlsoh: «Esasy wezipe Adolf Gitler bilen bagly islendik baglanyşygy kesmek we binany iniňi düýrükdirýän ýatlamalardan arassalamakdy» diýip, maksatlaryny mälim etdi.

Şäher häkimiýetleriniň wekilleriniň sözlerine görä, ýoldan geçýänler öňküsi ýaly binanyň ýanynda durup surat düşýärler, ýöne bu ýere aşa uly gyzyklanma bildirýän adamlaryň ýüze çykarýan ähmiýetsiz wakalarynyň sany ep-esli azaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.