Alymlar Gyrgyzystanda tapylan gadymy saklaryň dokuzysynyň DNK-syny öwrendiler

29.07.2026, 11:175,430

Halkara alymlar topary Gyrgyzystanyň Boz-Barmak gonamçylygynda galyndylary tapylan sak medeniýetiniň dokuz sany wekiliniň DNK genetik koduny çözdüler. Bu gözleg olaryň garyndaşlyk baglanyşyklaryny we gelip çykyşyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Işiň netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi.

Biziň eramyzdan öňki IV–II asyrlara degişli bolan bu gonamçylyk 2022-nji ýylda Balykçy şäheri bilen Koçkor obasynyň arasynda, Yssyk-kölüň golaýynda demir ýol gurluşygy wagtynda tapyldy. Arheologlar mazarlaryň köpüsi talanan hem bolsa, bu ýerde ýerli sak begzadalarynyň jaýlanan bolmagynyň mümkindigini çakladylar.

Gözlegçiler derňew üçin 12 adamyň galyndysyny saýlap aldylar we olaryň dokuzysynyň genomyny dikeltmegi başardylar. Barlaglar ikinji derejeli garyndaşlaryň üç jübütini hem-de üçünji derejeli garyndaşlaryň üç jübütini ýüze çykardy. Şol bir wagtda ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nika alamatlary tapylmady.

Genetik analiz mitohondrial gaplotoparlaryň ýokary dürlüligini görkezdi. Emma üç erkek adamda häzirki zaman gyrgyzlarynyň we täjikleriniň arasynda giňden ýaýran birmeňzeş Y-hromosoma gaplotopary — R1a1a1b2 ýüze çykaryldy. Gözlegçileriň pikiriçe, bu ýagdaý Yssyk-köl sebitindäki sak jemgyýetiniň patrilokal häsiýetli bolandygyny (ata öýünde ýaşandygyny), ýagny görkezýär.

Gelip çykyşyň modelleşdirilmegi mazarlykdaky adamlaryň ata-babalarynyň esasy böleginiň häzirki Gazagystanyň we Günbatar Sibiriň çäklerindäki öňki çarwa ilat bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardy. Olaryň genetik mirasynyň 75–95 göterimi gadymy sähra çarwalaryna, galan bölegi bolsa bürünç asyryndaky Baktriýa-Margiana arheologik toplumynyň çäklerinde ýaşan ilata, şol sanda Türkmenistanyň ilatyna baryp direýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.