Hyundai-nyň girdejisi ikinji çärýekde 21% aşak düşdi

Düýn, 09:131,945

2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde "Hyundai Motor" kompaniýasynyň amaly peýdasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% azalyp, 2,9 trillion wona (takmynan 1,98 milliard dollar) deň boldy. "Reuters" agentliginiň bellemegine görä, bu analitikleriň garaşyşlaryndan ep-esli pesdir.

Kompaniýa maliýe görkezijileriniň peselmegine satuwlaryň azalmagy, önümçilikdäki kynçylyklar, çig mal we energiýa çykdajylarynyň artmagy, şeýle hem amerikan paçlary we Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaý bilen baglanyşykly logistika meseleleriniň sebäp bolandygyny düşündirdi. Goşmaça faktor hökmünde esasy şaýlary üpjün edijileriň biriniň kärhanasynda bolup geçen ýangyn çykyş etdi.

Satuwlaryň iň düýpli peselmegi ulag satuwynyň 16% aşak düşen Günorta Koreýanyň içerki bazarynda bellige alyndy. ABŞ-da we Ýewropada "Hyundai" arzanladyşlaryň we höweslendiriji maksatnamalaryň möçberini artdyrdy. Amerikan bazarynda satuwlar geçen ýylyň derejesinde saklanyp galdy, emma federal subsidiýalar ýatyrylandan soň, elektrokarlaryň paýy 10,2%-den 4%-e çenli azaldy.

Peýdanyň peselendigine garamazdan, kompaniýa awtonom tehnologiýalara, programma üpjünçiligi arkaly kesgitlenýän awtoulaglara we robototehnika maýa goýumlaryny dowam etdirýär. "Hyundai" "Boston Dynamics-iň" üstünden doly gözegçiligi ele almagy hem-de 2028-nji ýyla çenli ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky kärhanasynda "Atlas" adam şekilli robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Maliýe hasabaty çap edilenden soň, "Hyundai Motor-yň" paýnamalary 2% ýokarlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.