Coca-Cola özüniň «Fairlife» golçur kompaniýasynyň maglumatlarynyň ogurlanandygyny tassyklady

01.08.2026, 15:234,175

Coca-Cola kompaniýasy kiberhüjüm netijesinde süýt önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan «Fairlife» golçur kompaniýasynyň maglumatlarynyň ogurlanandygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada «Bleeping Computer» neşiri habar berýär.

Hadysa barada Coca-Cola ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna (SEC) 16-njy iýulda habar berdi. Beýannamada pul talap edýän programma ulanylyp amala aşyrylan hüjümiň «Fairlife-yň» önümçilik desgalarynda säwliklere getirendigi bellenilip geçildi:

«Bu waka ygtyýary bolmadyk üçünji tarap şahsyň kompaniýanyň ulgamlarynyň bir bölegine girmegini, belli bir maglumatlary almagyny we önümçilik amallarynyň wagtlaýyn bes edilmegini öz içine aldy».

Birnäçe günden soň, bolup geçen hadysa üçin jogapkärçiligi «Anubis» atly hakerler topary öz üstüne aldy – topar «Fairlife» kompaniýasyny öz pidalarynyň sanawyna goşdy. Eger 27-nji iýula çenli oňa pul tölenmese, jenaýatkärler ogurlanan 1 terabaýt maglumaty açyk elýeterlilikde ýaýratjakdyklaryny duýdurdylar.

«Bleeping Computer» üçin beren düşündirişinde hakerler kompaniýanyň «Nutanix» ulgamlaryny gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini goýman şifrländiklerini mälim etdiler.

Hüjüm ýagdaýy belleige alnandan soň, «Coca-Cola» hukuk goraýjy edaralara ýüz tutdy we jenaýatkärler bilen gepleşikleri geçirmekden asla ýüz öwürdi.

Häzirki wagtda kompaniýa zyýan çeken infrastrukturasyny dikeltmegi tamamlap barýar, şol bir wagtyň özünde ABŞ-daky önümçilik kuwwatlarynyň köp bölegi eýýäm adaty iş tertibine dolandy. Coca-Cola önümleriň wagtlaýyn ýetmezçiligini ozal döredilen ätiýaçlyklar arkaly ýapyp bilendigini, «Fairlife» harytlarynyň hili hem-de howpsuzlygynyň zyýan görmändigini nygtaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.