Coca-Cola kompaniýasy öz firma stiliniň täzelenýändigini yglan etdi. Bezege 2000-nji ýyllaryň başynda ulanylan dizaýn elementleri gaýtarylyp getiriler.
Üýtgeşmeler Ýewropanyň, Aziýanyň, Latyn Amerikasynyň we Ýakyn Gündogaryň 200-den gowrak ýurdunda kem-kemden ornaşdyrylar.
Gaplarda ýene-de 2000-nji ýyllaryň başynda ulanylan dik logotip, şeýle hem ilkinji gezek 1969-njy ýylda tanyşdyrylan ak tolkun peýda bolar. Bu element etiketkalaryň, wending awtomatlarynyň hem-de gaplamadyr mahabat materiallarynyň we önümleriniň bezeginiň esasy bolar.
Coca-Cola Zero Sugar içgileri üçin Zero Sugar ýazgysy ulaldylar, şeýle hem önümi has aňsat tanalar ýaly etmek üçin gara zolak we gara gapaklar goşular.
«Bir asyrdan gowrak wagt bäri Coca-Cola optimizmiň we hakykylygyň dünýä nyşany hökmünde çykyş edip gelýär. Indi bolsa, bir umumy wizual stiliň netijesinde biz sarp edijilere tanalýan brendi hödürläp bileris» – diýip, Coca-Cola-nyň dizaýn boýunça wise-prezidenti Rafa Abreu aýtdy.