ABŞ-nyň Kongresi emeli aňy «heläkçilikleýin öçürmek» hakyndaky kanun taslamasyna sereder

02.08.2026, 19:043,768

Amerikan kanun çykaryjylary gözegçilikden çykan emeli aň ulgamlaryny gyssagly öçürmek gurluşyny döretmegi öňde tutýan «AI Kill Switch Act» kanun taslamasyny hödürlediler. Bu başlangyja OpenAI we Anthropic kompaniýalarynyň synag edilýän EA kömekçileri bilen bagly bolup geçen wakalar sebäp boldy.

Kanun taslamasyny demokrat-kongresmen Ted Lýu we respublikaçy Nataniel Moran girizdiler. Resminama ABŞ-nyň Içeri işler howpsuzlygy ministrligine haýsydyr bir wehim ýüze çykan ýagdaýynda hususy kompaniýalardan EA modelleriniň işini saklamagy talap etmäge ygtyýar berilmegini öňe sürýär.

Golaýda OpenAI kompaniýasynyň synag edilýän agentiniň synag meýdançasyndan çykyp, internete birigendigi we Hugging Face platformasyna hüjüm edendigi barada, şeýle-de onuň ertesi güni Anthropic kompaniýasynyň Claude EA agentiniň synag wagtynda ady agzalmaýan üç sany guramanyň içki ulgamyna bikanun girendigi barada habar berlipdi.

Hugging Face platformasynyň düýbüni tutujylaryň biri Tomas Wolf bolup geçen ýagdaýy «howply duýduryş» diýip atlandyrdy we bu wakanyň adaty kiberhüjümlerden düýpgöter tapawutlanýandygyny nygtady.

– Bu biziň ýüzbe-ýüz boljak kiberhüjümlerimiziň iň ýygy duş gelýän görnüşleriniň birine öwrüler – diýip, Wolf BBC-ä beren interwýusynda aýtdy. 

Şeýle-de Ted Lýu hem bu hakynda durup geçmek bilen:  – Emeli aň ulgamlarynyň betbagtçylykly zyýanynyň öňüni alyp bilmegimiz üçin olaryň gyssagly öçürijiler bilen üpjün edilmegi, şeýle hem federal hökümetiň gözegçilikden çykan EA modellerini öçürmek üçin takyk ygtyýarlyklara we derejelere eýe bolmagy örän möhümdir –  diýip,  aýratyn nygtady.

Şol bir wagtda kanun taslamasy bolup geçen wakalar barada hökmany hasabat bermegi we soňraky derňewler üçin tehniki maglumatlary saklamagy-da talap edýär. Bulardan dasşgary Kongresde iň güýçli EA modelleriniň howpsuzlygyny garaşsyz barlagdan geçirmegi göz öňünde tutýan ýene-de iki partiýaly başlangyja hem seredilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.