Sardiniýada ýaşy 3800 ýyla barabar bolan äpetleriň aramgähi tapyldy

04.08.2026, 21:005,873
1 / 3

Arheologlar Italiýanyň Sardiniýa adasynda äpetleriň aramgähini tapdy. Trahit bloklaryndan salnan iki gatly desga Makomer şäheriniň golaýynda, 740 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Ýadygärlik Karrarsu-Iddiýa diýen ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapyldy. Aramgäh köp ýyllaryň dowamynda hyşalygyň aňyrsynda gizlenip galypdyr. Ol jaýlama otagyndan we girelgesiniň öňünde ýarym tegelek eksedradan ybarat.

Desganyň bosagasyndaky giňişlik iki gat edilipdir. Şeýle gurluş örän seýrek tapylýar we nuragi siwilizasiýasynyň gurluşyk tehnologiýalary hem-de däp-dessurlary barada täze düşünjeleri berip biler.

Äpetleriň aramgähleri b.e.öň 1800-nji ýyl töwereginde gadymy dolmenleriň ösüşi hökmünde ýüze çykypdyr. Olar köpçülikleýin jaýlama ýeri hökmünde hyzmat edipdir. Ýarym tegelek eksedra bolsa ata-babalaryň hatyrasyna dabaralary geçirmek üçin ulanylypdyr.

Hünärmenler bu ýerde bikanun gazuw işleriniň hem alnyp barlandygyny anykladylar. Muňa garamazdan, arheologik işleriň dowamynda bu ýeriň has irki döwürlerde hem ulanylandygyny tassyklaýan keramiki önümler ýüze çykaryldy. Aramgähiň töwereginde taryhdan öňki döwürlerden tä rim eýýamyna çenli adamlaryň bolandygyna subutnamalar tapyldy.

Desga protonuragileri, mukaddes guýyny we ilatly ýeri öz içine alýan toplumyň bir bölegidir.

«Äpetleriň aramgähleri» ägirt uly edilip gurulmagy, üstesine-de desgalaryň girelgesindäki daş sütünleriniň we jaýlama otaglarynyň örän uly ölçegde bolmagy bu ýerde äpetleriň jaýlanandygy baradaky çaklamalaryň döremegine getiripdir. Şol sebäpli olara şeýle at dakylypdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.