Astanada baýrak gaznasy $4,65 mln bolan «Geljegiň oýunlary – 2026» tamamlandy

12.08.2026, 00:213,420
1 / 2

Astanada fiziki sport bilen kompýuter oýunlaryny birleşdiren «Geljegiň oýunlary – 2026» halkara multisport ýaryşy tamamlandy.

Ýaryş 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda Astananyň alty sport desgasynda geçirildi. Oňa 800-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy baýrak gaznasy 4,65 million dollara deň boldy.

Ýaryşyň soňky güni fijital-futbol bäsleşiginiň finalynda «Quetzales-Armadillos» we «NS Team» toparlary duşuşdy. Sanly tapgyrda 1:0 hasaby bilen «Quetzales-Armadillos» utdy, hakyky meýdançada bolsa «NS Team» 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Umumy hasap 3:3 bolansoň, ýeňiji penalti tapgyrynda kesgitlendi, onda «NS Team» has takyk boldy — 4:3. Üçünji orny «FC Olympic Phygital» eýeledi.

Toparlaýyn Mobile Legends: Bang Bang ýaryşynyň finalynda «Bigetron by Vitality» topary «ONIC» toparyny 3:1 hasaby bilen utdy. Bürünç medala «Selangor Red Giants» toparyny 2:0 hasabynda utan «Aurora Gaming» mynasyp boldy.

«Geljegiň oýunlary – 2026» ýaryşynyň ýeňijileri:

  • Phygital Basketball — Wilders, $100 müň;
  • MOBA PC Dota 2 — PlayTime, $350 müň;
  • Phygital Dancing — Franco Vitali, $20 müň;
  • Phygital Shooter CS 2 — Team KZ, $50 müň;
  • Phygital Fighting — Archangel Michael, $100 müň;
  • Phygital Football — NS Team, $150 müň;
  • MOBA Mobile MLBB — Bigetron by Vitality, $315 müň;
  • Battle Royale PUBG: BATTLEGROUNDS — 17 Gaming, $300 müň.

Ýaryşlar üçin 528 sany oýun tehnikasy we 500-den gowrak oýun orny taýýarlandy. Ýaryşy guramaga 800 meýletinçi gatnaşdy.

«Geljegiň oýunlary» ilkinji gezek 2024-nji ýylda Russiýada, ikinjisi bolsa 2025-nji ýylda BAE-de geçirilipdi. Dördünji «Geljegiň oýunlary» 2027-nji ýylda geçiriler. Ýaryşlary kabul etmäge Braziliýa, Serbiýa, Günorta Afrika Respublikasy we Özbegistan dalaş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.