Aýazly pöwrizemi ýa ýiti gülgüne: «Barselonanyň», «Realyň» we «Liwerpulyň» myhmançylyk lybasy

13.08.2026, 20:348,729
1 / 10

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol klublary 2026/2027-nji ýyl möwsümi üçin eşik toplumlarynyň tanyşdyrylyşyny tamamlaýar. Şu ýyl öndürijiler eşikleriň dizaýnynda esasy ünsi çuňňur many-mazmuna, klublaryň rowaýatlaryna bolan hormata hem-de häzirki zaman futbol medeniýetini kemala getiren döwürlere çekdi. 

«Gara Mamba» estetikasy we 1990-njy ýyllardan retro: «Barselonanyň» iki eşik toplumy

Ispaniýanyň «Barselona» topary janköýerler üçin gysga wagtyň içinde iki sany uly tanyşdyrylyşy geçirdi.

Katalon kluby eýýäm ikinji möwsüm pajygaly ýagdaýda aradan çykan meşhur basketbolçy Kobi Braýantyň brendi bilen strategik hyzmatdaşlygy berkidýär. 2026/2027-nji ýyl möwsümi üçin myhmançylykda geýilmeli eşik toplumy gara reňkde taýýarlandy, ýöne ol köýnekçäniň aşaky böleginde ýuwaşlyk bilen melewşe reňke geçýär — bu Braýantyň tutuş karýerasyny geçiren «Los-Anjeles Leýkers» toparynyň reňklerine salgylanmadyr.

Matanyň ýüzündäki şekiller ýylanyň («Gara Mamba» — Braýantyň lakamy) gowuny ýatladýar, köýnekçäniň döşünde bolsa adaty «Nike» logotipiniň deregine Kobiniň firma nyşany ýerleşdirildi. Ähli nyşanlar altyn reňkde ýerine ýetirilip, ýakanyň içki tarapynda basketbolçynyň meşhur sözleri ýazyldy:

«Oýny öňküsinden has gowy ýagdaýda galdyr».

Toplum eýýäm 109,99 ýewrodan satuwa çykaryldy.

«Barselonanyň» üçünji toplumy muşdaklary 1990-njy ýyllaryň ortalaryna alyp gidýär. Onuň dizaýny 1996/1997-nji ýyl möwsümindäki myhmançylyk formasyna salgylanma boldy, çünki şol ýyllar klub üçin meşhur braziliýaly Ronaldo oýnaýardy.

Köýnekçe esasan pöwrize reňkiniň dürli öwüşgüninde ýerine ýetirilen. Klub bu reňkleri «aýazly ýaşyl»  (Frost Green) we «kaktus tozy» (Cactus Dust) diýip atlandyrýar. Onuň iki tarapy edil ortaradan dikligine egrem-bugram çyzyk bilen bölünýär. 

Toplumyň matasy žakkard usulynda dokalyp, onda futbolçylara oýun wagtynda salkynlygy saklamaga mümkinçilik berýän Nike Aero-FIT tehnologiýasy ulanyldy.

Latynamerikan stili: Madridiň «Real» toparynyň ýiti gülgüne toplumy

Madridiň «Real» topary we Adidas üçünji eşik toplumyny ýiti gülgüne reňkde çykarmak çözgüdi bilen janköýerleriniň ünsüni çekmek isledi.

Dizaýnerleriň pikiriçe, bu reňk serhetleri we dil päsgelçiliklerini aradan aýryp, klubuň, bütin dünýäni gurşap almak bilen, janköýerleri birleşdirýändigini alamatlandyrýar.

Matanyň ýüzünde Latyn Amerikasynyň milli sungatyny ýatladýan, biri-birine örülen tegelek we romb şekilli nagyşlar bar. Ähli tapawutly elementler — V-görnüşli ýaka, meşhur üç çyzyk, logotipler we klubyň gerbi — şirmaýy reňkinde ýerine ýetirilen.

Köýnekçäniň ýakasynyň ýeňsesinde «RMCF» wintaž abbrewiaturasy ýerleşdirilen. Ol ýeňil matadan tikilip, deri tiz siňdirýän «climacool+» tehnologiýasy bilen üpjün edilen.

Taryh matanyň ýüzünde: «Liwerpulyň» myhmançylyk formasynda «Enfildiň» ruhy

Adidas «Liwerpul» üçin myhmançylyk geýimini taýýarlanda klubuň 1980-nji ýyllaryň ortalaryndaky taryhy mirasyndan ylham aldy.

Daşky görnüşi boýunça bu lybas gyzyl inçe zolakly nusgawy ak toplumdan ybarat bolup, ony gyzyl şortlar we ak getriler tamamlaýar. Iň üýtgeşik detal matanyň gurluşynda bukulgydyr.

Gyzyl şortylary we ak getralary öz içine alýan bu toplum daşky görnüşi boýunça gyzyl inçe zolakly nusgawy ak topluma meňzeşdir. Ýöne esasy syr matanyň dokalyşyndadyr. Köýnekçäniň ýüzüne «LFC» abbrewaturasyndan emele gelen ýarym dury geometrik nagyş basylypdyr. Bu bezeg 1970-nji ýyllarda «Enfild» stadionynyň köne giriş peteklerinde we möwsümleýin abonementlerinde ulanylan grafikany hem-de dizaýn elementlerini gaýtalaýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.