Goňşy dört ýurt birbada toksuz galdy

14.08.2026, 19:1913,398
1 / 3

14-nji awgustda gündiz Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda — Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Özbegistanda bir wagtyň özünde elektrik üpjünçiligi bilen bagly bökdençlik (blekaut) ýüze çykdy.

Bişkekde käbir etraplaryň ýaşaýjylary ýerli wagt bilen sagat 15:00 töweregi (Aşgabat wagty bilen 14:00) toguň öçendigi barada habar berip başlady diýip, «Kaktus.media» neşiri ýazýar. Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi meseleden habarlydygyny, ýöne sebäbini entek kesgitläp bilmändigini aýtdy.

Gazagystanda elektrik togy Almaty şäheriniň dört etrabynda we Almaty welaýatynyň on etrabynda öçdi diýip, «Tengrinews» habar berýär. Ýerli energetikleriň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi elektrik geçirijilere zyýan ýetmegi boldy.

Almatyda metro saklandy, ýolyşyklar işlemegini bes etdi we öýjükli aragatnaşykda bökdençlikler döredi. Şeýle hem ýaşaýjylar suw üpjünçiligindäki meseleler barada habar berdi. Onuň sorujy beketleriň öçürilmegi sebäpli ýüze çykan bolmagy çaklanylýar.

Blekaut belli repçi Kanýe Westiň Almatyda geçirilmegi meýilleşdirilen konsertini hem howp astyna goýdy. 

«Hemme ýerde togy öçüren Kanýemikä?» — diýip, sosial torlaryň ulanyjylary degişýär we hadysanyň «günäkäriniň» emeli aň tarapyndan döredilen suratyny paýlaşýar.

Bökdençlikler Duşenbe şäherine we Täjigistanyň beýleki birnäçe şäherdir etraplaryna täsir etdi diýip, «Aziýa-Plýus» habar berýär. Ýurduň Energetika we suw serişdeleri ministrliginde toguň öçmeginiň sebäbini aýdyp bilmediler, ýöne Nurek gidroelektrik stansiýasynda näsazlygyň ýüze çykandygy baradaky maglumaty ret etdiler.

Özbegistanda bökdençlikler birnäçe sebitlerde, hususan-da, Surhandarýa welaýatynda boldy diýip, «Podrobno.uz» ýazýar. Ýerli Energetika ministrliginde meseleleriň «goňşy ýurduň elektrik ulgamyndaky näsazlyk» bilen baglanyşyklydygy ýaňzydyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.