Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Döwlet Baştutany daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini aýtdy. Duşuşykda BMG, GDA, YHG we «Merkezi Aziýa +» formatlarynyň çägindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady ugurda, energetika, ulag, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň bolsa hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigi nygtaldy.
Saparyň ahyrynda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.