20-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak kararnama Täjigistanyň awtordaş bolandygyny aýratyn kanagatlanma bilen nygtady.

Şeýle hem energetika, ulag, oba hojalygy we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.
Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň we Türkmen-täjik işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşýändiginiň subutnamasy hökmünde bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ugurda taraplar ýakyn geljekde bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdy.

Geňeşmelerden soň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.