Londonda çagalaryň öýkeni çalt ösüp başlady: alymlar muny nähili düşündirýär?

Şu gün, 08:331,868

London şäherinde howanyň arassalanmagy çagalaryň öýken funksiýasyny täzeden dikeltmäge ýardam etdi. Öň awtomobilleriň zyýanly tüssesi sebäpli olaryň öýkeni haýal ösýärdi.

Alnan netijeler CHILL (Children's Health in London and Luton) tarapyndan geçirilen bäş ýyllyk iri gözleg işlerinden soňra tassyklanyldy. Ylmy işiň netijeleri ýörgünli lukmançylyk žurnaly «The Lancet Public Health-de» neşir edildi.

Alymlar barlagda «tebigy synag» usulyny ulandylar. Olar munuň üçin ulaglara berk düzgünleriň (aşa pes zyýanly zyňyndy zolaklary – ULEZ) girizilen ýeri bolan Londony hem-de beýle çäklendirmeler bolmadyk Luton şäheriniň ýagdaýyny deňeşdirdiler.

Hünärmenler 2019-njy ýyldan bäri 84 sany başlangyç mekdepden 6-dan 9 ýaş aralygyndaky 3 414 çagany gözegçilikde sakladylar. Her ýyl çagalarda dem alyş synagy (spirometriýa) geçirildi. Esasy görkeziji hökmünde çaganyň bir sekundyň dowamynda çaltlyk bilen daşyna goýberýän howa göwrümi hyzmat etdi.

Köne we «hapa» awtomobilleriň gatnawyna girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, Beýik Britaniýanyň paýtagtynda howa örän çalt arassalanyp başlady. Bu ýagdaý çagalaryň saglygyna hem oňyn täsirini ýetirdi. Çäklendirmelerden öň londonly çagalaryň öýkeni, arassa Luton şäherindäki çagalaryňky bilen deňeşdirilende, kiçidi we gowşakdy. Munuň esasy sebäbi ýoluň ugrunda ýaşaýan çagalaryň öýkeniniň ösüşini haýalladýan zäherli azot dioksidinden dem almagydyr.

ULEZ taslamasy işe girizilenden soň, Londonda howanyň hapalanma derejesi Lutondakydan iki esse pese düşdi. Netijede, londonly mekdep okuwçylarynyň öýkeni çalt ösüp başlady we onuň göwrümi ýylda ortaça 233 millilitr artdy (Lutondaky çagalarda bu görkeziji 223 millilitre deň boldy).

Yzygiderli ösüşden 4 ýyl soň Londondaky çagalaryň öýken göwrüminiň görkezijileri gözegçilik toparyndaky deň-duşlarynyňky bilen doly deňleşdi. Şunlukda, hapa howanyň ýetiren zyýanyny yza gaýtaryp bolýandygy subut edildi.

Bu ýagdaý patologiýalaryň azalmagyna hem täsir etdi. Londonda kliniki taýdan öýken ýetmezçiligi bolan çagalaryň sany bary-ýogy bäş ýylyň içinde 14 göterimden 9 göterime geldi.

Bu ylmy işiň wajyplygy nämede?

Saglygyň esasy binýady bolan öýken göwrümi çagalykdan emele gelýär. Eger çagalar öýkeni doly ösmedik ýa-da zeper ýeten ýagdaýda kämillik ýaşyna gadam bassalar, onda olarda demgysma, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, ýürek keselleri hem-de wagtyndan öň ölüm töwekgelçiligi ýokary bolýar. London tejribesi howany arassalamak arkaly çaganyň bedenine wagtynda kömek edip bolýandygyny subut etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.