Ýaponiýada Oncolys BioPharma kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, gyzylödegiň düwnük keseline garşy dünýäde ilkinji wirus derman serişdesiniň satuwy başlandy. Bu barada Nikkei agentligi habar berýär.
Derman genetiki taýdan üýtgedilen onkolitik wiruslara esaslanýar. Olar diňe täze dörän çişe täsir edip, rak öýjükleriniň içinde köpelýärler we olary weýran edýärler. Şol bir wagtyň özünde bejergi bedeniň immun ulgamyny işjeňleşdirýär, sagdyn dokumalara zyýan bermeýär.
Dermany bazara çykarmak we düzgünleşdiriji edaralarynyň berk talaplaryna laýyk gelmek üçin Oncolys kompaniýasy ençeme kynçylyklary geçmeli boldy. Nikkei neşiriniň maglumatyna görä, sertifikasiýa prosesi, esasan, wiruslary köpçülikleýin öndürmekde hil gözegçiligine bildirilýän talaplar sebäpli uzaga çekipdir.
Kliniki synaglaryň adaty däl protokoly hem kynçylyklaryň üstüni ýetirdi. Adaty dermanlardan tapawutlylykda, wirus bejergisiniň täsiri diňe birnäçe hepdeden soň duýulýar, sebäbi derman serişdesiniň çişiň içinde ýaýramagy üçin wagt gerek.