Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Şu gün, 17:101,120

Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäginde Open A ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Festiwal 15 — 24-nji awgust aralygynda geçirildi. Aşgabatly türgen şweýsar ulgamy boýunça geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8-isini ýygnady.

Şirliýew ýaryşda ýedinji belgi bilen çykyş etdi we ahyrky netijede birinji orny eýeledi. Ol BAE-den, Hindistandan, Omandan, Filippinlerden we Siriýadan bolan dürli derejeli küştçüler bilen bäsleşdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça onuň FIDE reýtingi 40,6 punkt artdy.

Ikinji orny Siriýadan halkara ussat Başir Eýti, üçünji orny bolsa Filippinlerden halkara ussat Rişilýe III Salsedo eýeledi.

Abu-Dabidäki 32-nji Halkara küşt festiwaly dürli ýurtlardan ýaş zehinleri we grossmeýsterleri jemledi. Olar birnäçe kategoriýalarda bäsleşdi.

Allaýar Şirliýewiň gatnaşan Open A kategoriýasynyň umumy baýrak gaznasy 12 150 dollara barabar. Bu ugurda ýeňijä, adatça, 3000 dollar möçberinde baýrak berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.