27-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň başynda Petra Dahtler diplomatik wezipesine girişmegi bilen baglylykda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Raşid Meredow ilçini ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.
Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň eýeleýän orny nygtalyp, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine seredildi.