Wenesuela we ABŞ ýurduň nebit-gaz pudagyny dikeltmäge hem-de 17 sany strategik ýatagy özleşdirmäge iri maýa goýumlaryny göz öňünde tutýan ylalaşygyň gazanylandygyny yglan etdi.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlary edil şu wagt Wenesuela bilen dünýä taryhynda iň uly nebit şertnamasyny baglaşdy» – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Truth Social» sosial torunda ýazdy.
Wenesuela maýa goýumlaryň göwrüminiň 100 mlrd dollardan geçmelidigini, döwletiň salgyt girdejileriniň bolsa 209 mlrd dollardan gowrak bolup biljekdigini tassyklady.
Wenesuelanyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Delsi Rodriges çap edilen beýanatynda bu ylalaşygyň energetika pudagyna ep-esli serişdeleri çekmäge, hususy operatorlaryň gatnaşmagynda nebit çykarylyşyny artdyrmaga hem-de Karakas bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Trampyň aýtmagyna görä, ylalaşyk Wenesuelanyň 65 mlrd barrelden gowrak nebit ätiýaçlyklarynyň amerikan gözegçiligine geçmegini göz öňünde tutýar. Tramp bu ylalaşyga Döwlet sekretary Marko Rubionyň, Pentagonyň ýolbaşçysy Pit Hegsetiň, Delsi Rodrigesiň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýetilendigini mälim etdi. ABŞ-nyň Prezidenti şertnamanyň amerikan salgyt töleýjilerinden hiç hili çykdajy talap etmejekdigini nygtady.
Şeýle hem Tramp munuň ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklaryny iki esseden gowrak artdyrmaga, nebit tekliplerini köpeltmäge we uzak möhletleýin geljekde amerikanlar üçin benziniň bahasyny düşürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk Wenesuelanyň ykdysadyýetini dikeltmäge hem ýardam etmeli.
Marko Rubio ylalaşygy iki ýurt üçin hem «ägirt uly ýeňiş» diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, şertnama ABŞ-ny durnukly ätiýaçlyklar we arzan nebit bilen üpjün eder, Wenesuela döwletine bolsa tas 100 mlrd dollarlyk hususy maýa goýumlardan başga-da müňlerçe ýokary zähmet hakly iş orunlaryny berer hem-de ykdysadyýetiň dikeldilmegine goşant goşar.