Islandiýaly arhitektorlar wulkan läbigini gurluşyk materialy hökmünde ulanmagy teklip etdiler. Bu barada Sky News ýazýar.
Grindawik kenarýaka şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän wulkanyň 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri ençeme gezek atylmagy bu ýerleriň ýaşaýjylaryny göçürmäge mejbur edýär.
Reýkýawikde ýerleşýän s.ap binagärlik kompaniýasynyň esaslandyryjysy Arnhildur Palmadottir şunuň ýaly ýagdaýlary adamlaryň peýdasyna ulanyp boljakdygyny nygtaýar. Ol ogly Arnar Skarfeoinsson bilen birlikde üýtgeşik çözgüt hödürledi. Pikiriň döreýşi barada olar şeýle gürrüň berýärler:
«Ýurdumyzyň iň uly buzlygy hasaplanylýan Watnaýekudlyň golaýyndaky Holuhraun wulkany atylypdy, ägirt uly mukdardaky material töwerekdäki uly giňişlige ýaýrady. Şol görkezijileri görenimizde: “Wah, bu aslynda sementsiz erän beton ahyryn. Ondan, gör, näçe zat ýasap bolardy?” diýip pikir etdik».

Läbik juda gyzgyn bolansoň adamlar oňa golaýlaşyp bilmez. Şonuň üçin eredilen dag jynsy robotlaryň we ýörite tehnikanyň kömegi bilen ýygnalyp, gurluşyk konstruksiýalaryna öwrüler. Arhitektorlar 3D çap tehnologiýasyny, dolandyrylýan akymlary, sowadyş kameralaryny we robotlary ulanmagy teklip edýärler.
«Biz robotlaryň läbik meýdanlarynyň üstünde hereket edip, eredilen läbigi ýygnap, soňra ondan belli bir konstruksiýalary döredip biljekdigini göz öňüne getirýäris» diýip, Palmadottir pikirini paýlaşýar.
Arnar Skarfeoinssonyň aýtmagyna görä, läbigiň häsiýetleri biri-birinden düýpli tapawutlanyp biler.
«Biz läbigiň dürli-dürli bolýandygyny anykladyk. Onuň biri-birinden tapawutly fiziki-mehaniki häsiýetleri bar. Tebigatda kristallaşma derejesi ýokary we örän berk sütün görnüşli bazaltlary görýäris. Teoriýa taýdan şeýle materialy gurluşyk konstruksiýasy hökmünde ulanyp bolýar» diýip, ol öňe sürýän konsepsiýasyny düşündirýär.
Şol bir wagtyň özünde, bu pikiri öňe sürýän arhitektorlar onuň amal edilmegine, takmynan, ýüz ýyldan hem gowrak wagtyň gerek bolaýmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Bar zat tehnologiýanyň ösüş depginine bagly.