Ýaponiýa B gepatitini doly gözegçilikde saklaýan bejergini makullan ilkinji ýurt boldy

Şu gün, 12:401,049

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrligi dowamly B gepatitini bejermek üçin «Hibsago» (beprowirsen, GSK3228836) serişdesine bellige alyş şahadatnamasyny berdi.

GSK kompaniýasy beprowirseniň dünýäde ilkinji gezek tassyklanandygyny we onuň häzirki günde bu keseli doly gözegçilikde saklamaga ukyply ýeke-täk bejeriş serişdesidigini mälim etdi.

Derman serişdesi azyndan alty aýlap nukleozid analoglary bilen bejergi alan we wirus görkezijileriniň ilkinji derejesi boýunça bellenen ölçeglere gabat gelýän uly ýaşly näsaglara niýetlenendir.

Beprowirsen B gepatit wirusynyň RNK-syna täsir edip, wirus beloklarynyň, şol sanda HBsAg üstki antigeniniň işlenip çykarylmagyny basyp ýatyrýar. Bu bejerginiň dowamlylygy alty aý bolup, derman serişdesi bedene sanjym arkaly goýberilýär.

Derman serişdesiniň Ýaponiýada tassyklanmagyna «B-Well» kliniki barlaglarynyň III tapgyrynyň netijeleri sebäp boldy. Dermany kabul eden näsaglaryň 19%-inde doly (funksional) sagalma gazanyldy, plasebo toparynda bolsa bu görkeziji 0%-e deň. Ilkinji HBsAg derejesi pes bolan näsaglaryň arasynda netije 26 %-e ýetdi.

Arzalara seretmek işi innowasion derman serişdeleri we lukmançylyk önümleri üçin niýetlenen «Sakigake» tizleşdirilen maksatnamasy boýunça amala aşyryldy. Öň beprowirsen ABŞ-da «öňdebaryjy derman serişdesi», Hytaýda bolsa «öňdebaryjy bejergi we ilkinji gözegçilik» derejesini alypdy.

Dünýäde 240 milliondan gowrak adam dowamly B gepatitinden ejir çekýär we ondan her ýyl, takmynan, 1,1 million adam heläk bolýar. Ýaponiýada bir million töweregi näsag bolup, kesel bilen bagly ýitgileriň sany her ýyl, takmynan, 4000 adama barabardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.