Mitsubishi kompaniýasy Pajero modeliniň bäşinji neslini tanyşdyrdy. Meşhur ýolsuzlyk ulagy bäş ýyllyk arakesmeden soň kompaniýanyň model hataryna gaýdyp geldi.
Ölçegleri boýunça täze Pajero Toyota Land Cruiser 250-e ýakyn. Uzynlygy 4920 mm, tigir bazasy bolsa 2870 mm.
Ulagyň daş keşbi birneme burçlak edildi: tigirleriniň arkasy ulaldyldy, gabarasynyň (kuzowynyň) goragy güýçlendirildi, LED faralart oturdyldy. Pajeronyň bagaž ýeri indi öňki nesillerindäki ýaly gapdallygyna däl-de, dikligine açylýar. Ätiýaçlyk tekeri bolsa indi bagažyň gapysynda däl-de, ulagyň aşaky böleginde ýörite gurnalan ýerde ýerleşýär.
Täze modeliň binýady hökmünde Mitsubishi Triton pikapynyň rama görnüşli platformasy ulanyldy. Ol ýolsuz ýerlerde sürüş rahatlygyny gowulandyrmak üçin kämilleşdirildi. Öň tarapda iki ryçagly, yzda bolsa köpri bilen bäş ryçagly asma ulgamy ýerleşdirildi. Ýerden beýikligi 230 mm.
Super Select 4WD-II ulgamy sürüjä diňe yzky ýa-da dört tigiri hem herekete getirýän režimi saýlamaga, merkezi differensialy gulplamaga we tizligi peseldiji geçirijini (4LLc) işletmäge mümkinçilik berýär.
Pajeronyň ilkinji tapgyrynda 2,4 litrlik turbodizel hereketlendiriji we sekiz basgançakly awtomatiki transmissiýa bilen hödürlenmegine garaşylýar. Kuwwaty heniz mälim edilmese-de, motorynyň aýlaw pursaty - 480 Nm. Soňlugy bilen elektrikleşdirilen görnüşleriniň peýda bolmagam mümkin.

Salony ýedi adamlyk. Enjamlaryň hataryna iki sany 14,3 dýuýmlyk displeý, üç zolakly klimat-kontrol we 12 dinamiki Yamaha akustik ulgamy girýär.
Pajeronyň dördünji nesli 2021-nji ýyla çenli öndürildi. Bu modeliň tutuş taryhynda 170 ýurtda 3,3 milliondan gowragy satyldy.
Ulagyň önümçiligi Tailandda ýola goýlar. Täze modeliň 2027-nji ýylyň ýazynda Tailandyň, Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň bazarlaryna çykarylmagyna garaşylýar. Soňra satuwy 100 ýurda çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Käbir bazarlarda awtoulag Montero ady bilen satylar.