Estoniýanyň parlamenti ýurduň täze prezidentini saýlady

Şu gün, 10:522,029

Estoniýanyň adalat kansleri Ýulle Madize ýurduň prezidentligine saýlandy. Parlamentiň (Riýgikogu) 2-nji sentýabrdaky mejlisinde geçirilen gizlin ses berlişiginde ol 101 sesden 71-sini aldy diýip, Estoniýanyň ERR teleradioýaýlymy habar berdi.

​Prezident saýlanmak üçin, dalaşgär sesleriň azyndan 68-sini — parlamentiň düzüminiň üçden iki bölegini almalydyr. Bu saýlawda ýedi deputat ses bermekden saklandy, ýene 12-si bolsa mejlise gatnaşmady.

​Netijeler yglan edilenden soň, Madize goldaw beren deputatlara sagbolsun aýtdy.

​«Bu ynamy ödemek üçin elimde baryny ederin» diýip, ol jebislik bilen bitirilen işiň Estoniýada durmuşy «bagtly, bolçulykly hem-de howpsuz» etmäge mümkinçilik berjekdigine umyt bildirdi.

​51 ýaşly Ýulle Madize hünäri boýunça hukukçydyr. Ol ozal Adalat ministrliginde, Parlamentiň Konstitusion toparynda, Döwlet gözegçilik gullugynda işledi, 2009-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli bolsa prezident Toomas Hendrik Ilwesiň hukuk geňeşçisi boldy. 2015-nji ýyldan bäri adalat kansleri wezipesini eýeledi, 2021-nji ýylyň başynda bolsa şol wezipesine ikilenç saýlanyldy.

​Madize Estoniýanyň ýedinji prezidenti we bu wezipä eýe bolan ikinji zenan maşgala bolar. Ol parlamentde kasam kabul edenden soň, 12-nji oktýabrda wezipä girişer.

​Döwlet baştutany wezipesinde Madize bu wezipäni bir möhlet eýelän we iýun aýynda gaýtadan dalaşgärlik etmejekdigini yglan eden Alar Karisiň ornuna geçer. Karis saýlanan prezidenti gutlap, oňa «güyç-kuwwat, paýhas hem-de edermenlik» arzuw etdi.

​Ozal Alar Karis prezidentlik möhleti gutarandan soň, beýlä süýşüren birgiden işleri, aýratyn-da, hojalyk meseleleri bilen meşgullanmak isleýändigini aýdypdy. Täze prezidente ygtyýarlyklary geçirmezden öň ol ýene birnäçe daşary ýurt saparlaryny, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna we ABŞ-a saparlary amala aşyrmaly bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.