Şwesiýanyň premýer-ministri Ulf Kristersson wezipesinden çekilýändigini mälim etdi. Ol parlament saýlawlarynda çepçi-merkezçi oppozision partiýalar bileleşigi ýeňiş gazanandan soň hökümet baştutany wezipesini tabşyrmak kararyna geldi.
Ulf Kristersson X sosial ulgamynda:
«Indi hökümeti döretmek boýunça nobatdaky ädimler üçin jogapkärçilik parlamentiň spikeriniň üstüne düşýär. Bu işe dessine başlamagy üpjün etmek üçin meni premýer-ministr wezipesinden boşatmagyňyzy haýyş edýärin» diýip ýazdy.
Şwesiýada parlament saýlawlary 13-nji sentýabrda geçirildi. Oppozisiýa bileleşigi saýlawçylaryň sesleriniň 49,5 göterimini alyp, 176 orun eýeledi. Hökümeti goldaýan güýçler bolsa 48,9 göterim ses alyp, 173 orun aldy.