Wuçiç Serbiýanyň prezidentligi wezipesinden resmi taýdan çekildi

Düýn, 11:223,464

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç döwlet baştutany wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Ol geçiriljek parlament saýlawlaryna ýönekeý raýat hökmünde gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

«Maňa iki gezek ynam bildiren raýatlara minnetdarlyk bildirýärin. Şu gün meniň öz wezipämden resmi taýdan çekilýän günüm» diýip, Wuçiç halka ýüzlenmesinde aýtdy.

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda syýasatçy möhletinden öň geçiriljek parlament saýlawlarynyň 25-nji oktýabrda boljakdygyny habar beripdi.

Wuçiç wezipesinden çekilensoň, Serbiýanyň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny Halk Skupşinasynyň (parlamentiň) başlygy Ana Brnabiç ýerine ýetirer. Ýurtda hereket edýän Konstitusiýa laýyklykda, prezidentiň ygtyýarlyklary bes edilenden soň üç aýyň dowamynda prezident saýlawlary geçirilmelidir.

Wuçiç 2017-nji ýylyň 31-nji maýyndan bäri Serbiýanyň prezidenti wezipesini eýeläp gelýärdi. 2022-nji ýylda ol ikinji möhlete gaýtadan saýlanypdy.